Ýewropa Bileleşiginde ýewro pul birliginiň 25 ýyllygy bellenilýär. Bu mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilelikdäki Gutlagy ýaýratdylar. Ýewro pul birligi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ýeke-täk pul birligi hökmünde 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tanyşdyryldy.
Häzirki wagtda ýewro pul birligi Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň 20-siniň resmi pul birligidir. Bulardan başga-da, Andorra, Monako, San-Marino we Watikan hem bileleşigiň agzasy bolmasa-da, ikitaraplaýyn gazanylan ylalaşyk esasynda ýewro pul birligini ulanýar. Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşygy bolan Montenegro bilen Kosowo bolsa, haýsydyr bir şertnama bolmazdan ýewro ulanýar. Ýewro 1999-njy ýylda çykarylan hem bolsa, dünýä maliýe bazarlarynda tanyşdyrylyp, 3 ýyldan soňra, ýagny 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girizilýär we gündelik durmuşda ulanylyp başlanýar. Ýewro pul birligi iň soňky gezek geçen ýylyň 1-nji ýanwarynda Horwatiýada güýje girizildi.
Eziz ANNAKOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.