Yragyň Prezidentiniň saýlawlary 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurduň Wekiller geňeşinde (parlamentinde) geçiriler.
“Respublikanyň Prezidentini saýlamak boýunça parlamentiň mejlisi 27-nji ýanwara bellendi” diýip, Yragyň parlamentiniň başlygy Heýbat al-Halbusi mälim etdi.
Yragyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň gutarnykly sanawynda 19 adam bar. Olaryň arasynda Yragyň häzirki Prezidenti Abdul Latif Raşid, şeýle-de häzirki daşary işler ministri Fuad Hüseýin bar.
2025-nji ýylyň ahyrynda Yragyň parlamenti al-Halbusini Wekiller geňeşiniň başlygy wezipesine saýlady. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, deputatlar indiki 30 günüň dowamynda Respublikanyň Prezidentini saýlamalydyrlar, Prezident bolsa iň uly koalisiýa Yragyň Premýer-ministri wezipesine dalaşgär hödürlemegi tabşyrmalydyr.