Braziliýaly meşhur tälimçi Luiz Felipe Skolari 28-nji gezek wezipesinden boşadyldy. 72 ýaşyndaky tälimçi ýurdunyň belli toparlaryndan Gremio klubuna tälim berýärdi. Ol 4 dürli döwürde Gremio toparyna tälim berip, 4-nji gezek bu klubdaky işinden gitdi. Umumylykda bolsa 28-nji gezek tälimçilik wezipesinden boşadylan Luiz Felipe Skolari 80-nji ýyllaryň başynda tälimçilige baş goşupdy. Ol tälimçilik karýerasynda Gremioda 4, Palmeirasda 3, Kruzeiroda hem-de Braziliýanyň milli ýygyndysyna 2 dürli döwürde tälim beripdi. 2002-nji ýylda Braziliýanyň ýygyndysyna Dünýä Kubogyny gazandyran tejribeli tälimçi 2004-nji ýylda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda ikinji orny eýeledi. Skolari Ýewropada gysga wagtlyk Çelsiniň hem tälimçisi bolupdy.