Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Napoli” topary ýeňiji boldy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda çempion “Napoli” Italiýanyň Kubogynyň eýesi “Bolonýany” 2-0 hasabynda utdy. Neapollylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem braziliýaly hüjümçi Dewid Neres geçirip, ol 39-njy we 57-nji minutlarda tapawutlandy. Şunlukda, “Napoli” topary 1991-nji we 2015-nji ýyllardan soň 3-nji gezek Italiýanyň Super Kubogyny gazanmagy başardy.
“Napoli” topary ýarym finalda “Milany” Dawid Neres (39) bilen Rasmus Hoýlunn (63) gollary esasynda 2-0, “Bolonýa” bolsa esasy wagty 1-1 (Orsolini 37 p – Turam 2) hasabynda deňlikde tamamlanan duşuşykda “Interi” 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýeňdi (3-2). Başgaça aýdylanda, Milan şäheriniň iki wekili-de bu gezek finala çykyp bilmediler. “Milan” bilen “Inter” mundan öňki ýaryşda finala çykypdy we şäheriň adybir topary köne bäsdeşini 3-2 hasabynda utupdy.
1988-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Super Kubogy duşuşygynda iň köp “Ýuwentus” topary ýeňiş gazanyp, turinliler bu arzyly kubogy 9 gezek eýelediler. “Inter” bilen “Milan” 8, “Lasio” 5, “Roma” 2, “Sampdoriýa”, “Fiorentina” hem-de “Parma” 1 gezek ýeňiş gazandylar.
Super Kubogy duşuşygy aslynda, ýurduň çempiony bilen kubogyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýärdi. Ýöne soňky ýyllarda Super Kubogy ýaryşynyň şowhunyny artdyrmak üçin, şol sanda has köp girdeji gazanmak maksady bilen 4 toparyň gatnaşýan bäsleşigine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, ýanwar aýynda 4 toparyň gatnaşmagynda Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşy hem geçiriler.
PDF









