3 öl­çeg­li çap usu­lyn­da 6 gün­de gur­lar

151

Ger­ma­ni­ýa­nyň Geý­del­berg şä­he­rin­de üç öl­çeg­li çap usu­ly ar­ka­ly ja­ýyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Bi­ler­men­ler döw­re­bap usul­dan peý­da­la­ny­lyp gu­rul­ýan ja­ýyň gur­lu­şy­gy­nyň al­ty gün­de ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ja­ýyň bu usul ar­ka­ly Ýew­ro­pa­da gur­lan iň uly jaý bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. «Hei­del­berg Ma­te­rials» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň be­ton­dan gur­ýan ja­ýy­nyň mag­lu­mat mer­ke­zi­niň bi­na­sy bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­na iýul aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar bo­lar. Tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­lan Hans-Ýorg Kraus uzyn­ly­gy 55 met­re, ini 11 met­re we be­ýik­li­gi 9 met­re ba­ra­bar bol­jak bi­na­nyň 140 iş sa­ga­dyn­da gur­lup gu­ta­ryl­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bu usul­da bi­na­nyň gur­lu­şy­gy üçin has az iş­çi güý­jü­ne ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Bi­na­da ula­ny­lan ma­te­ria­lyň önüm­çi­li­gi­niň port­land se­men­tin­dä­ki­den ho­wa­ny has az za­ýa­la­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, üç öl­çeg­li çap et­mek usu­ly bi­na­la­ryň di­zaý­ny­ny has çe­ýe tas­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gel­jek­de bu usu­lyň has köp peý­da­la­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ys­lam­ber­di TYL­LA­NU­ROW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ber­ka­rar­lyk et­ra­by­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy.