Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Günorta Amerika zolagyndan ýene-de 3 topar ýollanma almagy başardy. Geçirilen 5 duşuşygyň 4-sinde ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1 duşuşykda-da hasap açylmady.

Argentinadyr Braziliýanyň hem-de Ekwadoryň ýygyndylarynyň hataryna Urugwaýyň, Kolumbiýanyň, Paragwaýyň milli toparlary-da goşuldy. Netijede, häzirki wagtda 48 ýygyndynyň 16-sy belli boldy.

Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Wenesuelany Lionel Messiniň (39, 80) hem-de Lautara Martinesiň (76) gollary bilen 3-0 hasabynda utdy. Bu duşuşyk Lionel Messiniň Argentinanyň ýygyndysy bilen ýerli meýdançadaky iň soňky resmi duşuşygy bolup, oýundan soň super ýyldyz janköýerler bilen duýguly ýagdaýda hoşlaşdy.

Braziliýanyň ýygyndysy Çilini Estewao (28), Paketa (72) hem-de Bruno Gimaraýns (76) dagynyň gollary bilen 3-0 hasabynda utdy.

Kolumbiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Boliwiýanyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary Hames Rodriges (31), Jon Kordoba (74) hem-de Jon Kintera derwezä girizdip, Kolumbiýanyň ýygyndysy 8 ýyllyk arakesmeden soň 7-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder.

Şol netije Montewideodaky meşhur “Estadio Centenario”-da hem hasaba alnyp, Urugwaýyň ýygyndysy Perunyň ýygyndysyndan Agirreniň (14), De Arrakaetanyň (58) hem-de Winýasyň (80) gollary esasynda 3-0 hasabynda üstün çykdy. Urugwaýyň ýygyndysy bassyr 5-nji, umumylykda-da 15-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar.

Öz meýdançasynda Dünýä Kubogyna öň ýollanma alan Ekwadory kabul eden Paragwaýyň ýygyndysy golsuz deňme-deň oýnady. Bu deňlik Günorta Amerika zolagynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, olaryň Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyny gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Paragwaýyň ýygyndysy soňky gezek 2010-njy ýylda Dünýä Kubogyna gatnaşypdy. Bu olaryň 9-njy synanyşygy bolar.

Yklymlararasy pleý-off tapgyryna gatnaşjak topar soňky oýunlardan soň belli bolar. Bu ugurda entek yklymyň Dünýä Kubogyna gatnaşyp görmedik ýeke-täk ýygyndydy Wenesuela bilen Boliwiýanyň arasynda göreş dowam edýär. Wenesuelanyň 18, Boliwiýanyň 17 utugy bolup, olaryň birinjisi Kolumbiýany, ikinjisi bolsa Braziliýany kabul eder.