Hazyna gözleýjiler Floridanyň (ABŞ) kenarlaryndan altyn we kümüş şaýylyklary ýüze çykardylar. Altyn ýükli ispan gämileri 1715-nji ýylda gark bolýar. Gark bolan gämileri çykarmak boýunça kompaniýanyň guwwaslar topary Floridanyň Atlantik kenaryndan million dollarlyk hazynany tapdylar.
Altyn-kümüş şaýylyklar we beýleki seýrek duş gelýän artefaktlar 1715-nji ýylyň 31-nji iýulynda beýleki gämiler bilen birlikde gark bolan ispan galleonynyň bortunda ýerleşýärdi.
Flotiliýa Täze Dünýäden Ispaniýa altyn, kümüş we gymmat bahaly daşlary alyp barýardy. Emma güýçli tupanyň turmagy netijesinde, gämiler gark bolýar. Betbagtçylyk ýüzlerçe deňizçiniň heläk bolmagyna sebäp bolýar we Ispan Patyşasynyň baýlygyny ummanyň düýbüne alyp gidýär.
Şaýy pullaryň gowy saklanandygy bellärliklidir: olaryň köpüsinde zikgelenen senesi we beýleki bellikleri aýdyň görmek bolýar. Bu açyş geçen tomusda boldy, ýöne bu barada “1715 Fleet – Queens Jewels LLC” kompaniýasy indi mälim etdi.