Amerikaly serfer Alessandro Slebir, takmynan, 33 metr beýiklikdäki tolkundan sürçüp geçmegiň hötdesinden geldi. Bu waka San-Fransiskonyň golaýyndaky Maweriksde bolup geçdi. 23 ýaşly Slebir Ýuwaş ummanynyň ägirt uly möwçlerinde özüni synap görmek üçin Gawaýiden gelendigini gürrüň berdi. Slebire diňe bir deňagramlylygy saklamak bilen çäklenmän, tolkun örküçlerinden hem ozmagy başardy.
Häzirki wagtda bu gazanylan üstünligiň 2022-nji ýylda Portugaliýanyň kenarlarynda germaniýaly Sebastýan Ştoýdtner tarapyndan goýlan 27 metrlik rekordy täzeläp biljekdigi ýa-da ýokdugy derňelýär.
-Ewerest dagyny gaýta-gaýta ölçäp bolýar, ýöne ol hemişe üýtgewsiz galar. Emma tolkun, hatda iň ulusy hem birnäçe sekunt dowam edip, soň ýitip gidýär – diýip, sörfing bilermeni Bill Şarp “Los Anjeles Times” gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.