Aşgabatda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

21

Düýn, 3-nji iýunda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan “Festa della Musica” (Saz baýramçylygy) atly dabaraly konsert boldy. Iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygyny bütin gözelligi bilen açyp görkezen bu agşama köp sanly paýtagtly tomaşaçylar we myhmanlar ýygnandylar.

Dabaranyň resmi böleginde ilki bilen Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Martin Bruk çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda Italiýanyň milli baýramynyň taryhy ähmiýetini we asylly däplerini bellemek bilen, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini we dostlukly gatnaşyklary aýratyn nygtady.

Soňra Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň ýolbaşçysy Myrat Aradow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol italýan halkyny baýramy bilen gutlap, şeýle halkara derejeli medeni çäreleriň iki halkyň birek-birege bolan hormatyny we medeni diplomatik gatnaşyklaryny has-da berkidýändigini belledi.

Resmi çykyşlardan soň, sahnada hakyky saz baýramçylygy başlandy. Agşamyň baş gahrymany – halkara derejeli meşhur opera aýdymçysy, grek asylly italýan sopranosy Zoe Papas boldy. Zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş etdi. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungat işgäri Resul Gylyjow dirižorlyk etdi.

Konsertiň dowamynda Zoe Papas dünýä klassikasynyň iň naýbaşy eserlerini we italýan operalaryndan bölekleri ýokary ussatlyk, dury we güýçli owaz bilen ýerine ýetirdi. Italýan sazy bilen türkmen sazandalarynyň ýokary ussatlygyny birleşdiren bu ajaýyp agşam tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.