ABŞ-da geçirilýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “D” toparçada Braziliýanyň wekili “Flamengo” topary Filadelfiýada “Çelsini” 3-1 hasabynda ýeňdi. “Çelsi” kluby 13-nji minutda Netonyň goly bilen 1-0 hasabynda öňe geçse-de, brazil kluby 2-nji ýarymyň 15-nji minutyndan soň 3 minutda 2 gol geçirdi. Gollary Bruno Henrike (62) bilen ozal Ýewropada oýnan Danilo (65) geçirdi. 68-nji minutda “Çelsiden” Nikolas Jekson gyzyl kart aldy. Duşuşygyň 83-nji minutynda-da brazil klubunda Wallas Ýan oýna soňky nokady goýdy. Duşuşykdan soň “Flamengonyň” tälimçisi, ozal londonlylaryň düzüminde oýnan Filipe Luis 4 gün ýatman “Çelsiniň” taktikasyny öwrenendigini, taktikanyň çylşyrymlydygyna garamazdan ýeňendiklerini belläp geçdi.

Toparçadaky beýleki oýunda Tunisiň “Esperans” topary “Los Anjeles FK” toparyndan Belailiniň 70-nji minutdaky goly esasynda 1-0 üstün çykdy.

Bu netijelerden soň “Flamengo” topary 1/8 finala çykmagy başardy. Rio-de-Žaneýro şäheriniň kluby indiki duşuşygynda nähili netije alsa-da, häzirki wagtda 3 utugy bolan 2 topary-da ýeňendigi üçin toparçany 1-nji orunda tamamlar.

“D” TOPARÇA

Flamengo – Çelsi: 3-1 /Bruno Henrike 62, Danilo 65, Wallas Ýan 83 – Neto 13/

Los Anjeles FK – Esperans de Tunis: 0-1 /Belaili 70/