29-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini netijeli alyp barmagyň, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.