29-30-njy iýunda Müsürde “ÝB-Müsür” görnüşindäki iki günlük maýa goýum forumy geçirildi. Forumyň dowamynda Ýewropa kompaniýalary Müsür tarapy bilen umumy bahasy 40 milliard ýewrodan gowrak bolan şertnama baglaşdy. Bu barada Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi. Fon der Lýaýen şertnamalaryň dürli pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy.
Şeýle hem fon der Lýaýen Müsüriň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi bilen hem gepleşik geçirdi.
-Bu maslahatda Ýewropa kompaniýalary Müsürli hyzmatdaşlar bilen umumy bahasy 40 milliard ýewrodan gowrak bolan 20-den gowrak täze şertnama ýa-da özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu ýerde gurluşyk, himiýa senagaty, gämi gatnawy, awiasiýa we awtoulag gurluşygy, wodorod, suw gorlary ýaly dürli pudaklar boýunça kompaniýalaryň wekilleri bar – diýip, Ýewropa komissiýasynyň başlygy aýtdy. Şeýle hem, ol Müsüriň “arassa energiýa merkezine öwrülmek baradaky ägirt uly maksadyny” belläp, “ýaşyl” energiýa we sanly okuwlara maýa goýumlaryna ünsi çekdi.
Iki gün dowam eden maslahat mart aýynda fon der Lýaýen we as-Sissi tarapyndan ylalaşylan Müsüriň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň strategik we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Bu ylalaşyk syýasy gatnaşyklary, ykdysady durnuklylygy, maýa goýumlaryny we söwdany, şeýle hem, migrasiýa we howpsuzlyk meselelerini öz içine alýar.