Ýaponiýanyň syýahatçylyk ministri Kaneko Ýasuşi geçen ýyl ýurda gelen daşary ýurtlularyň ilkinji gezek 40 milliona geçendigini mälim etdi. Ýasuşi geçen ýyl 42,7 million syýahatçynyň ýurda gelendigini mälim etdi. Bu ýagdaý pandemiýanyň täsiriniň aradan aýrylandygyny görkezýär. 2024-nji ýylda bu görkeziji 36,8 milliondan geçipdi.
Tebigy we taryhy gymmatlyklara baý bolan ýurtda geçen ýyl “EKSPO 2025” halkara sergisi geçirilipdi. Osaka şäherinde aprel aýyndan oktýabr aýyna çenli geçirilen sergi köp sanly daşary ýurtlyny kabul edipdi.
PDF









