Golf boýunça erkekleriň arasyndaky 4 uly ýaryşyň möwsümdäki ilkinjisi bolan “Masters Tournament”-de Demirgazyk irlandiýaly Rori MakIlroý ýeňiş gazandy. Ol ABŞ-nyň Jorjia ştatynda 90-njy gezek geçirilen ýaryşda az ýalňyş goýberip, 276 utuk bilen çempionlyk gazandy. 36 ýaşyndaky meşhur golfçy 4,5 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyp, bu çempionlyk onuň “Masters Tournament”-däki bassyr 2-nji, umumylykda-da uly ýaryşlardaky 6-njy ýeňşidir.

MakIlroý “PGA Championship”-de 2 (2012, 2014), “U.S. Open”-de (2011) hem-de “The Open Championship”-de (2014) 1 gezek ýeňiji bolupdy. MakIlroý amerikaly Taýger Wudsdan (2001–02) soň bu ýaryşda yzly-yzyna 2 çempionlyk gazanan ilkinji golfçy hökmünde hasaba alyndy.

Bu ýylky “Masters Tournament”-de amerikaly Skotti Şeffler 2-nji ýeri eýeläp, 2 million 430 müň amerikan dollar möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy.