Indoneziýanyň häkimiýetleri daşary ýurtly ýokary hünärli işgärler we maýadarlar üçin uzak möhletli wizalary bermegi meýilleşdirýär. Ýurduň migrasiýa gullugynyň baş müdiri Widodo Ekatýahýana 5 ýyllyk wizalary 10 ýyla çenli uzaldylyp bilinjekdigini belleýär. Bu ýeňillik maýadarlaryň we ökde hünärmenleriň ýurda barmaklaryny ýeňilleşdirer. Widodo Ekatýahýana birnäçe hepdäniň dowamynda bu maksatnama kanuny taýdan resmileşdirilip, durmuşa geçirilip başlanjakdygyny belleýär. Bu wizany almak üçin nähili şertleriň talap ediljekdigi häzirlikçe belli däl.
Indoneziýa şu ýyl 76,7 milliard dollar daşary ýurt maýa goýumyny çekmegi maksat edinýär. Geçen ýyl bu görkeziji 57,6 milliard dollar bolupdyr.
Atabeg Babamyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









