Ital­ýan “Luca Curci Archi­tects” bi­na­gär­lik kom­pa­ni­ýa­sy hem-de Ka­na­da­nyň “Tim Fu  Design” kom­pa­ni­ýa­sy öza­ra bag­la­ny­şyk­ly plat­for­ma­lar­dan yba­rat ýüz­ýän şä­her tas­la­ma­ny hö­dür­le­di. 50 müň ilatly şä­her plat­for­ma­la­ra bö­lü­nip, her bir plat­for­ma­da ada­ty şä­her­dä­ki ýa­ly et­rap­la­r bo­lar. Şä­her­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ofis­ler, myh­man­ha­na­lar we dür­li eda­ra­lar bi­len güý­men­je mer­kez­le­ri aý­ry plat­for­ma­lar­da ýer­le­şer. Eg­ri bi­na­la­ryň daş­ky gör­nü­şi we şä­he­riň özi eme­li in­tel­lekt bi­len be­ze­ler. Bi­na­la­ryň daş­ky di­zaý­nyn­da gök öwüs­ýän or­ga­ni­ki reňk­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Şä­her­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, has­sa­ha­na­lar, po­lik­li­ni­ka­lar, şeý­le hem ka­fe­ler­den, res­to­ran­lar­dan dü­kan­la­ra we söw­da mer­kez­le­ri­ne çen­li dür­li tä­jir­çi­lik des­ga­la­ry bo­lar. Şä­he­riň bir bö­le­gi­ni göz zo­lak­lar – köp de­re­je­li se­ýil­gäh­ler, bag­lar we fer­ma­lar tu­tar.
Me­ýil­na­ma­la­ra gö­rä, şä­her­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň ýel be­ket­le­rin­den Gün pa­nel­le­ri­ne çen­li bir­nä­çe çeş­me­si bo­lar. Şeý­le hem, ener­gi­ýa sak­la­mak we su­wy süý­je­di­ji des­ga­lar gur­lar. Bi­na­gär­le­riň we di­zaý­ner­le­riň glo­bal ýy­ly­ly­gyň we de­ňiz de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň how­py se­bäp­li şeý­le şä­her tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­lap­dyr­lar.

Dur­dy­mu­ham­met Baý­mu­ham­me­dow, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.