Türkiýe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Feridun Hadi Sinirliogluny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine hödürledi.

Resminamada Sinirlioglunyň bu wezipä hödürlenmegi bilen bagly ähli çykdajylaryň onuň şahsy serişdeleriniň hasabyna üpjün ediljekdigi bellenýär.

Sinirlioglu 2016–2023-nji ýyllarda Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili boldy.

Häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde guramanyň Baş sekretaryny saýlamak üçin deslapky ses berişlikler dowam edýär.

Kosta-Rikanyň öňki wise-prezidenti, BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) başlygy Rebeka Grinspan deslapky ses berlişigiň ýedinji tapgyrynda öňdeligi eýeleýär.

Deslapky ses berlişikleriň altysy geçirilenden soňra BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohamed bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen bu wezipä Lana Nusseýbehi resmi taýdan hödürläpdi.