UEFA Çempionlar Ligasy bilen Ýewropa Ligasy ýaryşlarynyň çempionlarynyň özara duşuşygy bolan UEFA Super Kubogy duşuşygynda PSŽ bilen “Tottenham” toparlary güýç synanyşdy. Italiýanyň Udine şäherindäki “Friuli” stadionynda oýnalan oýna portugaliýaly Žoao Pineiro eminlik edip, duşuşyga tomaşa etmäge 21 müň 25 janköýer gatnaşdy.
Çekeleşikli geçen duşuşykda iňlis kluby azda-kände erjel oýun görkezdi. Oýnuň 39-njy minutynda goragçy Miki wan de Wen “Tottenham” toparyny öňe çykardy. Iňlisler 2-nji ýaryma-da gol bilen başladylar. Bu gezek başga bir goragçy, argentinaly Kristian Romero hasaby 2-0-a ýetirdi. Ýöne ruhdan düşmedik parižliler hüjüm baryny edip, oňyn netije gazanmagy başardylar. 2-0 hasabynda öňde barýan “Tottenham” topary bu üstünligini gorap bilmedi. Oýnuň 85-nji minutynda Li Kan In jerime meýdançasynyň daşyndan batly urgy bilen aratapawudy 1 gola düşürdi. 90+4-nji minutda bolsa Usman Dembeleniň pasyndan soň Gonsalu Ramuş hasaby deňledi. Şunlukda, duşuşygyň esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. PSŽ-de hasaby deňlän futbolçylaryň 2-is hem oýna 2-nji ýarymda girdiler.
Duşuşykdan soň goşmaça wagt oýnalmazdan, penalti urgulary ýerine ýetirildi. Bu urgularda bolsa PSŽ 4-3 hasabynda üstün çykyp, ýeňşini baýram etdi. PSŽ-de ilkinji urgyny ýerine ýetiren Witinýadan galany, ýagny Ramuş, Dembele, Li Kan In hem-de Nunu Mendeş penaltini dürs urmagy başardy. “Tottenhamda” Solanke, Bentankur hem-de Porronyň urgulary takyk bolup, Wan de Wen bilen Teliň urgulary dürs bolmady. Netijede, PSŽ topary taryhynda ilkinji gezek UEFA Super Kubogyny gazanmagy başardy. PSŽ topary bu kubogy gazanan ilkinji fransuz kluby boldy. Şol sanda PSŽ UEFA Super Kubogyny gazanan 26-njy klub, Fransiýa bolsa 13-nji ýurt hökmünde hasaba alyndy.
PSŽ topary 2025-nji ýyldaky 5-nji kubogyny gazanmagy başardy. Toparyň tälimçisi Luis Enrike 2015-nji ýyldan soň 2-nji gezek bir ýylyň dowamynda 5-nji kubogyny asmana göterdi.
“Tottenham” topary bolsa agza-burna gelen ýeňşi elden giderip, futbolçylar meýdançany gamgyn ýagdaýda terk etmeli boldular.
50-nji gezek geçirilen UEFA Super Kubogy duşuşygy 1974-nji, 1981-nji hem-de 1985-nji ýyllarda dürli sebäplerden oýnalmady. Bu kubogy 30-njy gezek Çempionlar Ligasynyň çempiony almagy başardy. Soňky gezek Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi 2018-nji ýylda gazanypdy (“Atletiko Madrid”). Ýewropa Ligasynyň çempiony 8, ozalky UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýeňijisi bolsa 12 gezek Super Kubogy eýeläpdi.
Ilkinji gezek 1971-nji ýylda berlip başlanan bu kubogy şu wagta çenli 12 ýurtdan 25 klub gazanmagy başardy. Iň köp “Real Madrid” kluby gazanyp, olar 6 gezek ýeňiji boldy. “Milandyr” “Barselona” 5, “Liwerpul” 4, “Atletiko Madrid” 3, “Aýaks”, “Anderleht”, “Bawariýa”, “Çelsi”, “Ýuwentus” hem-de “Walensiýa” klublary 2 gezek UEFA Super Kubogyny eýeledi. “Aberdin”, “Aston Willa”, “Dinamo Kiýew”, “Mehelen”, “Nottingham Forest”, “Parma”, “Galatasaraý”, “Lasio”, “Mançester Ýunaýted”, “ “Porto”, “Stýaua”, “Sewilýa”, “Zenit” hem-de “Mançester Siti” toparlary bolsa 1 gezek bu arzyly kubogy asmana göterdiler.
PSŽ: Şewalý; Hakimi, Markinios, Paço, Nunu Mendeş; Zair-Emeri (Li Kan In 68), Witinýa, Due (Gonsalu Ramuş 77); Barkola (Mbaýe 68), Dembele, Kwarasheliýa (Fabian Ruiz 60); Tälimçi: Luis Enrike
TOTTENHAM: Wikario; Pedro Porro, Romero, Danso, Wan de Wen; Žoao Palinýa (Greý 72), Bentankur, Sarr (Bergwall 90); Kudus (Tel 79), Rişarlison (Solanke 72), Spens; Tälimçi: Tomas Frank