Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýakynda Arkadag şäherine bolan iş saparynda sebitde ilkinji «akylly» şäheriň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata berdi.

Ösü­şiň aý­dyň ýo­ly bi­len öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň ga­zan­ýan be­lent üs­tün­lik­le­ri­niň ny­şa­ny bo­lan «akylly» şä­her­de ýo­ka­ry tiz­lik de­re­je­si­ne, ägirt uly ge­çi­ri­ji­lik uky­by­na eýe bo­lan 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi wa­tan­daş­la­ry­my­zyň «gel­je­giň şä­he­ri», «ýaş­la­ryň şä­he­ri» ýa­ly tä­ze­çil­li­gi hem döw­re­bap­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan at­la­ra my­na­syp bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de ýa­şa­ma­ga hem-de zäh­met çek­mä­ge bo­lan is­leg­le­ri­ni art­dyr­dy. Za­ma­na­bap şert­ler bi­len do­ly üp­jün edi­len şä­her­de or­naş­dy­ry­lan 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy, ha­ky­kat­dan-da dur­muş we iş şert­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mek­de aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe­dir.
Şu ýy­lyň few­ral aýyn­da «akyl­ly» şä­her­de 4G+ teh­no­lo­gi­ýa­sy işe gi­ri­zi­lip­di we şon­dan soň has döw­re­bap ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­na geç­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edi­lip­di. Ýa­kyn­da işe gi­ri­zi­len 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy şol ka­ra­ryň esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len örän ýer­lik­li çö­zgüt bo­lup, hal­ky­my­zy, esa­san hem, ýaş­la­ry buý­san­dyr­dy. Çün­ki Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de or­naş­dy­ry­lan bu ul­gam dün­ýä bi­len aýak­daş bar­ýan ýur­du­my­zy hemme­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň tiz­li­gi se­kunt­da 500 MB-den 1 GB-a çen­li mag­lu­mat ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu bol­sa on­dan öň­ki ne­sil bo­lan 4G-niň müm­kin­çi­lik­le­rin­den (se­kunt­da 200-250 MB) ep-es­li ýo­ka­ry­dyr. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa şä­her­de uzak ara­lyk­da bi­lim ber­mek, önüm­çi­lik ugur­la­ry­ny san­ly do­lan­dyr­mak, te­le­me­di­si­na we ýo­ka­ry çöz­güt­de ýaý­ly­my ge­çir­mek ýa­ly dür­li san­ly hyz­mat­la­ryň ös­me­gi üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly, 5G tor­la­ry ro­bot pu­dak­la­ryň dür­li ugur­la­ryn­da ro­bot­laş­dy­ry­lan en­jam­la­ry­ny uzak ara­lyk­dan do­lan­dyr­ma­ga hem müm­kin­çi­lik ber­ýär.
5G teh­no­lo­gi­ýa­sy ara­gat­na­şy­gyň sim­siz gör­nü­şi­niň bä­şin­ji nes­li ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki za­man te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­me­giň we ýurt­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­me­gi­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lan şeý­le kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­de or­naş­dy­ryl­ma­gy örän ýe­ri­ne dü­şen baş­lan­gyç­dyr we «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da bi­na edi­len şä­he­riň hu­kuk de­re­je­si­ne ky­bap gel­ýän çöz­güt­dir.
Ar­ka­dag şä­he­ri äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da dün­ýä nus­ga­lyk şä­her bol­mak bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň ösen yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň hem aý­dyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Tä­ze şä­her­de san­ly ul­ga­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň, döw­re­bap in­no­wa­si­on çöz­güt­le­riň, «akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň ula­nyl­ma­gy hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny has-da art­dyr­ýar. Goý, ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dy­ryp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny hal­ka­ra de­re­je­le­re la­ýyk­lyk­da ös­dür­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri ro­wa­na ýol­lar­da di­ňe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogul­şat Me­re­do­wa,
Türk­men döw­let mali­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.