UEFA Çempionlar Ligasynda 2025/26 möwsüminiň liga tapgyry tamamlanyp, 1/8 finala çykanlar, pleý-offda çykyş etjekler hem-de ýaryş bilen hoşlaşanlar belli boldy. Bir wagtda başlanyp, janköýerler üçin futbol baýramçylygyna öwrülen 18 duşuşyk tamamlanýança klublaryň orunlary üýtgäp durdy. Geçirilen ýa-da geçirdilen ýekeje gol toparlaryň ykbalyna täsir etdi. 90-njy minutlardan soň derwezä urlan gol klublaryň käbirini ýaryşda saklan bolsa, käbirini ilkinji 8-likden çykardy, käbir klub bolsa ýaryşyň daşynda galdy.
18 duşuşykda 61 gol hasaba alnyp, 7 duşuşykda myhmanlar, 9 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Biri golsuz 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Iňlis klublarynyň 5-si ýeňiş gazanyp, diňe “Nýukasl” deňme-deň oýnady. Ispan klublaryndan diňe “Barselona” ýeňiş gazanyp, beýleki 4-si ýeňlişe sezewar boldy. Italýan toparlaryndan hem diňe “Intere” ýeňiş gazanmak başartdy.
Iňlis klublarynyň 5-si ilkinji 8-lige düşmegi başardy. Italiýadyr Germaniýadan, Fransiýadan 1, Ispaniýadan 2 klub ýaryş bilen hoşlaşdy. Niderland toparlarynyň 2-si üçinem ýaryş tamamlandy. Belgiýadan gatnaşýan 2 toparyň biri, şol sanda Daniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Çehiýanyň şu ýaryşdaky wekilleri üçinem ýaryş wagtyndan ir gutardy.
PDF









