Amerikan futboly boýunça möwsümiň çempionyny kesgitleýän “Super Bowl” final duşuşygynda “Sietl Sihawks” topary ýeňiji boldy. 60-njy gezek geçirilen “Super Bowl” duşuşygynda “Sietl Sihawks topary “Nýu Ingland Patriots” toparyny 29:13 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Kaliforniýanyň Santa Klara şäherindäki “Levi’s Stadium”-da oýnalan duşuşygyň 1-nji çärýeginde sietlliler 3:0, 2-nji çärýeginde 6:0, 3-nji çärýeginde-de 3:0 üstün çykdy. 4-nji çärýek çekeleşikli geçip, 17:13 hasabynda ýene-de “Sietl Sihawksyň” peýdasynda tamamlandy. “Nýu Ingland Patriots” toparynyň 4-nji çärýekde görkezen tagallasy ýeňşe ýetmedi. Şeýlelikde, Sietl topary 2013-nji ýyldan soň 2-nji gezek “Super Bowl” kubogyna mynasyp boldy. Olar 2005-nji we 2014-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.
“Super Bowl”-y iň köp eýelän 2 toparyň biri bolan “Nýu Ingland Patriots” topary 1985-nji, 1996-njy, 2007-nji, 2011-nji, 2017-nji ýyllardan soň 6-njy gezek ýeňildi. “Nýu Ingland Patriots” toparynyň 6 çempionlygy bolup, olar 2001-nji, 2003-nji, 2004-nji, 2014-nji, 2016-njy hem-de 2018-nji ýyllarda “Super Bowl”-y eýeläpdiler.
60-njy “Super Bowl” duşuşygynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, Kennet Wolker III saýlandy.
Duşuşyga 70 müň 823 janköýer tomaşa edip, oýnuň arakesmesinde Bad Bunny, Leýdi Gaga, Riki Martin ýaly aýdym-saz sungatynyň meşhur ýyldyzlary özleriniň ilhalar aýdymlary bilen çykyş etdiler.
PDF









