UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynda fransuz derbisinde, bije çekilen gününden bäri ýeňiji belli ýalydy. Bije çekilişden sähelçe öň “Brestiň” derwezesinden 5 gol geçiren PSŽ üçin UEFA-nyň ýaryşynda-da garşydaşyny ýeňmek juda ýeňil düşdi. 1-nji oýunda jogapsyz 3 gol salan parižliler 2-nji oýunda olaryň umumy sanyny 10-a ýetirdiler. Ýagny jogap duşuşygynda PSŽ 7-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 7 goly-da 7 dürli futbolçy geçirip, şeýle statistika ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek hasaba alyndy. 20-nji minutda başlan gol geçirişlik 86-njy minuta çenli dowam edip, olary 20-nji minutda Barkola, 39-njy minutda Kwarasheliýa, 59-njy minutda Witinýa, 64-nji minutda Due, 69-njy minutda Nunu Mendeş, 76-njy minutda Gonsalu Ramuş hem-de 86-njy minutda 18 ýaşyndaky Senni Maýulu öz atlaryna ýazdyrdylar. PSŽ Ýewrokuboklardaky iň uly hasaply ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 10-0 hasabynda ýeňiş gazanan PSŽ bassyr 13-nji gezek 1/8 finalda oýnar. “Brest” bolsa fransuz klublarynyň arasynda UEFA-nyň ýaryşlarynda iň uly hasap bilen utulan topar boldy. Olar ilkinji gezek gatnaşyp, şowly başlan bäsleşigini uly hasaply ýeňlişler bilen tamamladylar. PSŽ indiki tapgyrda “Barselona” ýa-da “Liwerpul” bilen duşuşar.

Lissabondan 3-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Sportingi” kabul etdi. Duşuşykda hasap açylmady. Oýnuň 59-njy minutynda Seru Girassi penaltini dürs urup bilmedi. Netijede, “Borussiýa Dortmund” yzly-yzyna 3-nji, soňky 13 ýylda-da 10-njy gezek 1/8 finalda oýnar. Olaryň 1/8 finaldaky garşydaşy “Aston Willa” ýa-da “Lill” toparlarynyň biri bolar.