“Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze 7 orun­lyk elekt­rou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. SUV gör­nüş­li “Volvo EX90” at­ly ulag kom­pa­ni­ýa­nyň 2030-njy ýy­la ýan­gyç­ly ulag­la­ry do­ly ara­dan aýyr­mak ba­bat­da­ky tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ön­dü­ril­di. Ula­gyň önüm­çi­li­gi gel­jek ýyl ABŞ-da, soň­ra Hy­taý­da ýo­la goý­lar. Maş­ga­la aw­tou­la­gy hök­mün­de ta­nyş­dy­ry­lan “Volvo EX90” owa­dan di­zaý­ny bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 600 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýän ulag howp­suz­lyk ba­bat­da hem şwed bren­di­niň däp­le­ri­ni sak­la­ýar. Ula­gyň da­şy we içi gö­ze gö­rün­me­ýän howp­suz­lyk “gal­ka­ny” bi­len üp­jün edi­lip­dir. Ka­me­ra­lar, ra­dar­lar we LI­DAR ýa­ly sen­sor­lar aw­tou­la­gyň güýç­li mer­ke­zi komp­ýu­te­ri­ni bi­ri­gip, 360 de­re­je­lik gö­rüş meý­da­ny­ny eme­le ge­tir­ýär. “Lu­mi­nar” şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan üp­jün edi­len gi­je-gün­diz daş-tö­we­rek­dä­ki äh­li howp dö­re­dip bil­jek za­dy anyk­lap, öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.