Dünýä Kubogynyň çempionyna näçe pul baýragy berler?

157

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň baýrak gaznasy mundan öňki çempionatdakydan 40 million dollar köp bolar. Bu gezek gatnaşýan toparyň hersine taýýarlyklar üçin 1,5 million dollar berler. Şeýlelikde, gatnaşan her ýygynda 9 million dollar alar (17-32-nji ýer arasy). Toparçadan çykanlara jemi 13 (9-16-njy ýer arasy), çärýek finalçylara-da 17 (5-8-nji ýer arasy) million dollar berler. 4-nji ýeri eýelän ýygyndy 25 million dollar alsa, 3-nji ýeriň baýragy 27 million dollara deňdir. Finalda utulan toparyň, ýagny 2-nji ýeri eýelän ýygynda 30 million dollar berilse, çempionyň pul baýragy 42 million dollar bolar. Russiýa 2018-de çempion bolan topara 38 million dollar berlipdi. Mahlasy, FIFA Katar 2022-niň umumy baýrak gaznasy 440 million dollara deňdir.