Şu aýyň ahyrynda ýedi planetanyň bir hatara düzüljekdigi mälim edildi. Bu astronomik hadysa “doly planeta ýörişi” diýlip atlandyrylýar. Şeýle ýagdaýyň 2040-njy ýyla çenli gaýtalanmajakdygy mälim edildi. Aýyň soňky güni Gün ýaşandan soňra Mars, Ýupiter, Uran, Wenera, Neptun, Merkuriý we Saturn şol bir hatarda peýda bolar. Bäş we ondan köp planetanyň mundan soňky hatara düzülişi 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda, ondan soňra 2034-nji ýylyň fewralynda bolup geçer.
Seýrek gabat gelýän şeýle hadysada planetalar bir hatara düzülýän hem bolsa, olaryň ählisini göz bilen görüp bolmaz. Astronomlar Neptun we Urany görmek üçin teleskopdan peýdalanmalydygyny belleýärler. Arassa, bulutsyz howada hem-de şäherden uzakdaky ýerde planetalaryň has gowy görlüp bilinjekdigi bellenilýär. Şäheriň ýagtylygy asman jisimlerini görmäge päsgel berýär. Şeýle-de bolsa, şäher ýerinde hem planetalary görüp boljakdygy aýdylýar.