Her ki­miň gy­zyk­lan­ýan pi­şe­si we güý­men­je­si bol­ýar. My­sal üçin, kä­bir adam sport bi­len meş­gul­la­nyp, maşk et­mek, yl­ga­mak ýa-da futbol oý­na­mak ar­ka­ly özü­ni ka­na­gat­lan­dyr­ýan bol­sa, kä­bir yn­san su­rat çek­mek, aý­dym aýt­mak ýa-da dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak ar­ka­ly wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çir­ýär. Şu­la­ryň ha­ta­ryn­da da­ga dyr­maş­ýan­la­ry hem ag­za­man geç­mek bol­maz. Al­pi­nist­ler dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne aý­la­nyp da­ga dyr­maş­ma­gy, be­ýik-be­ýik ge­riş­le­re çy­kyp, dag te­bi­ga­ty­ny we gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­ma­gy öz­le­ri­ne gy­zyk­ly güý­men­je ha­sap­la­ýar­lar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hem da­ga dyr­maş­mak, dag te­bi­ga­tyn­da we da­gyň ete­gin­dä­ki şy­pa­ha­na­lar­da dynç al­mak ýa­ly ugur­lar öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Eý­sem, dün­ýä­de nä­çe­räk dag ul­ga­my bar­ka?! Ýer ýü­zün­de ulu­ly-ki­çi­li 1 mil­li­on­dan gow­rak da­gyň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Elb­rus, Alp, And, Ara­rat, Pa­mir, Hin­di­guş, Ural we Kar­pat dün­ýä­niň iň uly dag ul­gam­la­ry bo­lup, iň ýa­şy Gi­ma­laý dag­la­ry­dyr. Bil­şi­miz ýa­ly, 500 metr be­lent­lik­den ýo­ka­ry de­pe­ler dag ha­sap­lan­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň 7 yk­ly­my­nyň iň beýik 7 de­pe­si ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Azi­ýa: Ewe­rest da­gy. Azi­ýa­nyň we dün­ýä­niň iň be­ýik de­pe­si bo­lan Ewe­rest da­gy Ne­pal bi­len Hy­ta­ýyň ara­çä­gin­de Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň Uly Gi­ma­laý dag­la­ryn­da ýer­leş­ýär. 8848 metr be­ýik­lik­dä­ki Jomolungma de­pesi 1852-nji ýyl­da Ýe­riň üs­tün­dä­ki iň be­ýik no­kat hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Ewe­res­ti öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len gu­ra­lan eks­pe­di­si­ýa­lar 1920-nji ýyl­lar­dan baş­lan­ýar. 1953-nji ýyl­da Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly al­pi­nist Ed­mund Hil­la­ri bi­len ne­pal­ly Ten­sing Nor­geý Ewe­res­te çy­kan il­kin­ji adam­lar bol­ýar.

Af­ri­ka: Ki­li­man­ja­ro da­gy. Tan­za­ni­ýa­da ýer­leş­ýän Ki­li­man­ja­ro da­gy Af­ri­ka yk­ly­my­nyň iň be­ýik de­pe­si bo­lup, tak­my­nan 5895 metr be­lent­li­ge deň­dir. «Uly wul­kan» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan Ki­li­man­ja­ro 3 bö­lek­den: Ki­bo, Ma­wen­zi we Şi­ra dag ge­riş­le­rin­den yba­rat bo­lup, iň be­ýi­gi Ki­bo ha­sap­lan­ýar. Alym­lar 360 müň ýyl mun­dan ozal wul­kan atyl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de Ki­li­man­ja­ro da­gy­nyň eme­le ge­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Bu dag köp­çü­li­ge üs­ti gar bi­len ör­tü­len, tö­we­re­gi­ne şa­ha­lanyp gid­ýän te­ge­lek güm­mez şe­ki­lin­de bel­li­dir. Ne­mes ge­og­ra­fy Hans Ma­ýer bi­len awst­ri­ýa­ly al­pi­nist Lýud­wig Purçel­ler 1889-njy ýyl­da Ki­li­man­ja­ro­nyň iň be­ýik de­pe­si­ne çy­kan il­kin­ji adam­lar bol­ýar. Şon­dan soň sy­ýa­hat­çy­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan bu da­ga her ýyl 10 müň­ler­çe al­pi­nist gel­ýär. 1973-nji ýyl­da da­gyň ýer­leş­ýän ýe­ri we daş-tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý zo­la­gy Ki­li­man­ja­ro mil­li se­ýil­gä­hi diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.

De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka: De­na­li da­gy. Bu yk­ly­myň iň be­ýik de­pe­si De­na­li da­gyn­da, ýag­ny Al­ýas­ka­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýär. Mak­-Kin­li diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan da­gyň iň be­ýik de­pe­si 6190 metr bo­lup, «So­ur­dough Expe­di­ti­on» göz­leg to­pa­ry­nyň iki we­ki­li 1910-njy ýyl­da bu be­lent­li­ge çy­kan il­kin­ji al­pi­nist­ler bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da her ýyl ýüz­ler­çe al­pi­nist De­na­li da­gy­na dyr­maş­ma­ga sy­na­nyş­ýar.

Gü­nor­ta Ame­ri­ka: Akon­ka­gua da­gy. Ar­gen­ti­na­nyň çä­gin­dä­ki And dag­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lan Akon­ka­gua gü­nor­ta ýa­rym şa­ryň iň be­ýik da­gy ha­sap­lan­ýar. 6959 metr be­lent­lik­dä­ki bu be­ýik­li­ge il­kin­ji ge­zek 1897-nji ýyl­da şweý­sa­ri­ýa­ly al­pi­nist Mat­ti­as Surb­rig­gen çyk­ýar. Da­gyň üs­ti buz­luk meý­dan­lar­dan yba­rat bo­lup, ýo­ka­ry çyk­mak üçin iň amat­ly ýol de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­da­ky Pol­şa buz­lu­gy­dyr. Akon­ka­gua da­gy­nyň gü­nor­ta­syn­da 3400 metr be­lent­lik­de ýo­lag­çy­la­ryň düş­le­me­gi üçin Konf­lu­en­si­ýa dynç alyş mer­ke­zi hem ýer­leş­ýär. Akon­ka­gua de­pe­si be­ýik­li­gi bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň iň be­ýik no­ka­dy Ewe­rest­den soň ikin­ji orun­da dur­ýar.

An­tark­ti­da: Win­son da­gy. 1935-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly bar­lag­çy Lin­koln Ells­wort ta­ra­pyn­dan An­tark­ti­da­nyň iň be­ýik de­pe­si Win­son da­gy ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Yk­ly­myň gün­ba­tar bö­le­gin­dä­ki Ells­wort dag­la­ry­nyň Sen­ti­nel ger­şin­de ýer­leş­ýän bu de­pe de­ňiz de­re­je­sin­den 4892 metr be­ýik­lik­de bo­lup, daş-tö­we­re­gi 3 müň metr ga­lyň­lyk­da­ky buz meý­dan­la­ry bi­len ör­tü­len­dir. Win­son de­pe­si­ne çyk­mak üçin Dra­ke ge­çel­ge­sin­den we An­tark­ti­da­nyň buz­luk­la­ryn­dan ge­çmeli. Ame­ri­ka­ly al­pi­nist Ni­ko­las Klinç 1977-nji ýyl­da Win­son da­gy­nyň de­pe­si­ne çy­kan il­kin­ji adam­dyr. Dün­ýä­niň so­wuk yk­ly­my­nyň iň be­ýik no­ka­dy­na çyk­mak üçin bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ra al­pi­nist Deýw Hahn ýol­be­let­lik ed­ýär. Ol bu ugur­da 37 ge­zek Win­son da­gy­na çyk­mak bi­len dün­ýä re­kor­dy­ny eýe­le­ýär.

Ýew­ro­pa: Elb­rus da­gy. Ýew­ro­pa­nyň iň be­ýik no­ka­dy Rus­si­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Elb­rus da­gyn­da ýer­leş­ýär. Wul­ka­nyň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de 2,5 mil­li­on ýyl mun­dan ozal eme­le ge­len dag ger­şi­niň be­ýik­li­gi 5642 metr bo­lup, buz­luk meý­dan bi­len ör­tü­len­dir. Dün­ýä­niň 7 de­pe­si­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu be­ýik­li­ge il­kin­ji ge­zek 1874-nji ýyl­da şweý­sa­ri­ýa­ly al­pi­nist Pi­ter Knu­be­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky iň­lis eks­pe­di­si­ýa to­pa­ry çyk­ýar. Tom­suň gel­me­gi bi­len Elb­rus da­gyn­da­ky buz­luk­lar eräp, Ku­ban der­ýa­sy­nyň bol su­wu­ny eme­le ge­tir­ýär.

Awst­ra­li­ýa: Koss­ýuş­ko da­gy. Dün­ýä­niň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň yk­ly­my bo­lan Awst­ra­li­ýa­nyň iň be­ýik no­ka­dy Tä­ze Gü­nor­ta Uels şta­tyn­da, ýur­duň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Koss­ýuş­ko da­gy­dyr. Bu da­gyň iň be­ýik de­pe­si 2222 metr bo­lup, Awst­ra­li­ýa­nyň Alp dag­la­ry­nyň ger­şin­de ýer­leş­ýän Koss­ýuş­ko mil­li se­ýil­gä­hi­niň bir bö­le­gi­dir. Al­pi­nist­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bir­nä­çe sa­ga­dyň için­de Koss­ýuş­ko de­pe­si­ne aň­sat­lyk bi­len çy­kyp bol­ýar. Eger-de Okea­ni­ýa yk­ly­my­nyň umu­my meý­da­ny­ny­ göz öňün­de tut­sak, on­da bu yk­ly­myň iň be­ýik no­ka­dy In­do­ne­zi­ýa­nyň Mao­ke da­gyn­da­ky Ja­ýa de­pe­si bo­lar. 4884 metr be­lent­lik­dä­ki Ja­ýa da­gy dün­ýä­dä­ki iň be­ýik ada de­pe­si ha­sap­lan­ýar. Ja­ýa­nyň ýo­kar­sy­na il­kin­ji bo­lup 1909-njy ýyl­da ni­der­land göz­leg­çi­si Hend­rik Lo­rens çyk­ýar.