Täze tälimçisi Jennaro Gattuzonyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşykda öz meýdançasynda Estoniýany 5-0 hasabynda ýeňen italýanlar Wengriýada Ysraýyl bilen duşuşdy. Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde “I” toparçada geçen duşuşyk çekeleşikli hem-de dartgynly bolup, oýunda 9 gol hasaba alyndy. Garşylykly duele öwrülen oýunda ýer eýeleri 16-njy minutda Lokatelliniň awtogoly bilen öňe geçdi. 40-nji minutda Moýza Ken hasaby deňledi. 52-nji minutda Dor Perets tapawutlanyp, Ysraýyl 2-nji gezek öňe saýlandy. Ýöne 2 minutdan soň ýene-de Moýza Ken hasaby deňlemegi başardy. 59-njy minutda Politanonyň takyk urgusy bilen italýan öňe saýlandy. 81-nji minutda Raspadoriniň goly bilen myhmanlar aratapawudy 2 gola çykardy. Duşuşygyň soňky minutlarynda ýer eýeleri yzly-yzyna 2 gol geçirdi. 87-nji minutda Bastoniniň awtogoly hem-de 89-njy minutda Dor Peretsiň tapawutlanmagynda Ysraýylyň ýygyndysy hasaby deňledi. Emma 90+1-nji minutda Tonaliniň uzak aralykdan geçiren goly bilen italýanlar ýeňşini baýram etdi.