Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de “Du­bai Airs­how 2023” at­ly hal­ka­ra awia­kos­mos ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy. 17-nji no­ýab­ra çen­li do­wam et­jek bu ser­gä dün­ýä­niň köp ýur­dun­dan awia­kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň 1,4 müň­den gow­ra­gy gat­naş­ýar. Iki ýyl­da bir geze­k ge­çi­ril­ýän çä­re­de ada­ty uçar­lar­dan baş­ga-da dür­li gör­nüş­li uç­ýan en­jam­lar hem-de kos­mos gä­mi­le­ri, eme­li hem­ra­lar we ara­gat­na­şyk til­si­mat­la­ry gör­ke­zil­ýär. Al-Mak­tum hal­ka­ra ae­ro­por­tun­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de dür­li yla­la­şyk­la­ra hem gol çe­kil­ýär. Ser­gi­de “Su­nExpress” awia­kom­pa­ni­ýa­sy “Boeing”-den 90 uçar al­mak üçin yla­laş­dy. Bu ba­ra­da awia­kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Maks Kow­nats­ki mä­lim et­di. “Su­nExpress” 45 sa­ny “Boeing 737 MAX” uça­ry üçin anyk sar­gyt be­ril­di. Yla­la­şy­ga gö­rä, “Su­nExpress” ga­lan 45 “Boeing 737 MAX” uça­ry­ny alyp-al­ma­jak­dy­gy bel­li bir wagt­dan soň­ra mä­lim eder. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Kow­nats­ki 28 sa­ny “MAX 8” hem-de 17 sa­ny “MAX 10” uçar­la­ryň sar­gyt edi­len­di­gi­ni aýt­dy.

Gül­şat Sö­ýü­no­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.