Bir asyr tö­we­re­gi wagt­dan bä­ri ýi­tip gi­den jan­dar ha­sap­la­nyl­ýan agaç ken­gu­ru­sy tä­ze­den ta­pyl­dy. Yl­my dil­de «dend­ro­la­gus may­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Won­di­woý agaç ken­gu­ru­sy owa­dan gy­zy­lym­tyl sü­tü­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gün­ba­tar Pa­pua­nyň Won­di­woý dag­la­ryn­da­ky gür to­kaý­lar­da gaý­ta­dan peý­da bo­lan bu jan­dar Awst­ra­li­ýa ken­gu­ru­syna meň­ze­ýär. Agaç­da ýa­şa­ýan ken­gu­ru il­kin­ji ge­zek 1928-nji ýyl­da ne­mes-ame­ri­kan bio­lo­gy Ernst Maýr ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba alyn­ýar. 2018-nji ýyl­da iň­lis eks­pe­di­si­ýa to­pa­ry Pa­pua-Tä­ze Gwi­ne­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky tro­pik to­kaý­lar­da göz­leg iş­le­ri­ni ama­la aşyr­dy­lar. Ne­ti­je­de bol­sa, sa­rym­tyl-gyz­gylt ken­gu­ru­nyň aga­jyň üs­tün­dä­ki pur­sat­la­ry­ny su­ra­ta dü­şür­di­ler.
Ýi­ti­ri­lip-ta­py­lan agaç ken­gu­ru­sy gu­ry ýer ken­gu­ru­syn­dan has ki­çi bol­ýar. Bu jan­dar öm­rü­niň köp bö­le­gi­ni aga­jyň üs­tün­de ge­çi­rip, ter ýap­rak­lar, aga­jyň gül­le­ri we mi­we­ler bi­len iý­mit­len­ýär. Güýç­li pen­je­si we ýi­ti dyr­nak­la­ry bo­lan bu jan­dar aga­ja hem-de ga­ýa­la­ra ar­ka­ýyn dyr­ma­şyp bil­ýär. 1500-1700 metr be­lent­lik­dä­ki bam­buk to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýan agaç ken­gu­ru­sy­nyň bo­ýy 55-63 san­ti­met­re, guý­ru­gy­nyň uzyn­ly­gy 65 san­ti­met­re ýet­ýär. Bu jan­da­ryň guý­ru­gy­nyň göw­re­sin­den uzyn bol­ma­gy ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi gy­zyl ken­gu­ru agaç­la­ryň üs­tün­de de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak we ýy­kyl­man dur­mak üçin guý­ru­gyn­dan peý­da­lan­ýar. Agaç ken­gu­ru­sy­nyň dö­şü­niň sar­gylt, ar­ka­sy­nyň gyz­gylt sü­tük­de bol­ma­gy, ola­ryň ýyr­ty­jy jan­dar­lar­dan go­ran­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ag­ra­my 9-10 ki­log­ra­ma ýet­ýän agaç ken­gu­ru­la­ry şahadan-şaha 18 metr ara­ly­ga bö­küp bil­ýärler.
Won­di­woý agaç ken­gu­ru­sy­nyň sa­ny­nyň 50-den geç­me­ýär. Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len gy­zyl ken­gu­ru di­ňe Won­di­woý ýa­rym ada­syn­da duş gel­ýär. Bü­tin­dün­ýä haý­wa­nat dün­ýä­si gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry (WWF) In­do­ne­zi­ýa, Pa­pua-Tä­ze Gwi­ne­ýa we Awst­ra­li­ýa se­bit­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ken­gu­ru­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly yl­my bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýer ýü­zün­de aga­jyň üs­tün­de ýa­şa­ýan ken­gu­ru­la­ryň lýum­holt­sa, ben­net­ta, çal agaç ken­gu­rusy, Tä­ze Gwi­ne­ýa ken­gu­ru­sy, al­tyn­sow ör­tük­li agaç ken­gu­ru­sy, din­gi­so, ten­ki­le, aýy ken­gu­rusy, se­ri, do­ria ýa­ly 14 gör­nü­şi duş gel­ýär.

Muhammetaly Muhammedow,
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby.