Niderlandlaryň Kubogy (KNVB Cup) ýaryşynda taryhy waka boldy. Has takygy, “Go Ehed Iglz” topary taryhy çempionlyk gazandy. Taryhynda 1965-nji ýyldan soň 2-nji gezek finala çykan ýurduň Dewenter şäheriniň kluby jemleýji duşuşykda “AZ Alkmaar” bilen duşuşdy. Rotterdamdaky “De Kuip” stadionynda oýnalan finalyň 1-nji ýarymy golsuz geçip, 54-nji minutda penaltini dürs uran Troý Parrott alkmaarlylary öňe saýlady. “Go Ehed Iglz” topary bu gola 90+9-njy minutda Mats Deiýliň penaltiden salan goly bilen jogap berdi. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemäni üçin penalti urgulary ýeňijini kesgitledi. Bu urgularda 4-2 hasabynda öňe geçen “Go Ehed Iglz” topary taryhynda ilkinji gezek Niderlandlaryň Kubogyna mynasyp boldy. Bu olaryň 1933-nji ýyldan, ýagny 92 ýyldan soň gazanan ilkinji uly kubogy hökmünde hasaba alyndy.
Soňky gezek kubogy 2013-nji ýylda eýelän “AZ topary” şondan bäri 3-nji gezek finalda ýeňildi. Olar şu wagta çenli Niderlandlaryň Kubogyny 4 gezek gazanypdy.
Bu kubogy iň köp “Aýaks” (20), “Feýenoord” (14) hem-de PSW (11) toparlary eýelediler.