Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Steel” kompaniýasy ABŞ-nyň Luiziana ştatynda polat guýýan zawody gurmak maksady bilen 5,8 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu taslama “Hyundai Motor” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylar. Awtomatlaşdyrylan usulda işlediljek zawodyň ýyllyk kuwwaty 2,7 million tonna polat önümlerine deň bolar.
Bu habardan soň “Hyundai Steel”-iň paýnamasy 5% ýokarlandy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň taslama barada oňyn çykyşyndan soň kompaniýanyň paýnamalary öz durnuklylygyny saklady. Maglumatlara görä, bu zawod “Hyundai Motor” kompaniýasynyň ABŞ-da önümçiligini ösdürmekde has uly maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Şeýle hem golaýda awtoulag öndürijisi amerikan kärhanalaryna 21 milliard dollar maýa goýandygyny hem mälim etdi. Bu meýilnamalar barada “Hyundai Motor”-yň ýolbaşçylary bilen Prezident Donald Trampyň Ak Tamda guralan duşuşygyndan soň belli boldy. Käbir bilermenleriň bellemegine görä, koreý kompaniýalary dürli şertleri göz öňünde tutup, ABŞ-a goýýan maýa goýumlaryny barha artdyrýarlar.
“Posco” hem “Hyundai Motor”-a goşulmakçy
Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Motor” kompaniýasy ABŞ-da polat zawodynyň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek üçin “Posco Holdings” bilen özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekilendigini habar berdi. Indi “Posco” bu taslama maýa goýmak isleýär, ýöne takyk mukdary entek görkezilmeýär. “Posco” Günorta Koreýanyň iň uly polat öndürijisidir, “Hyundai Steel” bolsa, ikinji orny eýeleýär.