15-17-nji fewralda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde “Emiriň gylyjy” atly halkara bäsleşik-festiwaly geçirilýär. Bu halkara çärä Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşýar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Hususan-da, taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti “Al Şakab” Atçylyk merkezinde weterinariýa ugry boýunça hünärmenler bilen duşuşyk geçirdi.