Özbegistanyň Samarkant şäherinde şu ýylyň 21-22-nji oktýabrynda çagalaryň abadançylygyna we geljegine bagyşlanan Bütindünýä sammiti bolar. «Çagalaryň abadançylygyna maýa goýumlary: geljekki nesiller üçin durnukly we adyl ösüşe tarap» diýen at bilen geçiriljek bu abraýly forum dünýäniň ýüzden gowrak döwletinden wekilleri bir ýere jemlär.

Halkara möçberli bu duşuşyga syýasy liderler, ministrler, halkara guramalaryň hem-de durmuş goranyş, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň hünärmenleri gatnaşarlar. Munuň özi ýaş nesliň saglygy, bilimi, durmuş taýdan goralmagy we hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bagly meseleleri toplumlaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin giň gerimli meýdança bolar.

Çäräniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, oňa çagalaryň we ýetginjekleriň hem gatnaşyp, öz garaýyşlaryny beýan edip biljekdigidir. Resmi açylyş dabarasyndan, panel mejlislerinden we tematik duşuşyklardan ybarat boljak bu giň gerimli forumyň çäginde çagalar onkologiýasy boýunça II Halkara kongresi hem guralar. Bu ýerde hünärmenler çagalar onkologiýasy boýunça tejribe alyşarlar, keselleri ir ýüze çykarmagyň hem-de bejermegiň häzirki zaman usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.