Hytaýyň milli statistika edarasy ýurduň ykdysadyýetiniň geçen ýyl 5,2 göterim ösendigini mälim etdi. Ýurtda 2022-nji ýylda pandemiýa sebäpli ösüş ozalky ýyllardan pes 3 göterim bolupdy. Dünýäde ykdysady kuwwaty babatda ABŞ-dan soňra ikinji ýerde durýan ýurt global ykdysadyýetiň ösüşine-de uly goşant goşýar. Hytaýda senagat 4,6 göterim, bölek söwda 7,2 göterim artypdyr. Ýurtda zawod-fabrikleriň maşynlaryny, gurluşygy öz içine alýan infrastruktura pudagyna goýberilen maýa goýum 3 göterim artypdyr.
Ýurtda 16-24 ýaşly raýatlaryň arasyndaky işsizlik baradaky maglumatlar hem ýaýradyldy. Geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, bu ýaş aralygyndaky ýaşaýjylaryň arasyndaky işsizlik görkezijisi 14,9 göterim bolupdyr. 2023-nji ýylyň iýun aýynda bu görkeziji 21,3 göterim bolupdyr.

Salyh Kurbangeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.