17-nji sentýabrda Dubaýda tamamlanan 2026-njy ýylyň Arap media sammitine Hytaýyň media topary “China Media Group” (CMG) gatnaşyp, arap dünýäsi bilen media pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary pugtalandyrdy. Üç gün dowam eden we 23 ýurtdan, şol sanda ýurdumyzdan, 250-den gowrak media guramasyny bir ýere jemlän bu iri halkara çärä ýokary derejeli döwlet işgärleri, media ýolbaşçylary we kontent döredijiler gatnaşdylar. CMG sammitde ýeke-täk hytaý media guramasy hökmünde ýörite diwarlyk we interwýu zolagyny döredip, žurnalistler bilen işjeň pikir alyşmalary gurady.
BAE-niň Žurnalistler assosiasiýasynyň başlygy Mohammed Al Hammadi Hytaýyň sebitdäki täsiriniň artýandygyny belläp, bu hyzmatdaşlygyň arap dünýäsine Hytaýa has gowy düşünmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Media özgertmelerine we döredijilik ykdysadyýetine bagyşlanan sammitiň çäginde kontent önümçiligi, dünýä narratiwleri hem-de emeli aňyň žurnalistika edýän täsiri boýunça 170-den gowrak sessiýa we sekiz ýöriteleşdirilen forum geçirildi.
Sebitdäki iň iri media çäreleriniň biri hasaplanýan bu sammit ýyllaryň dowamynda syýasy liderleriň, ministrleriň, baş redaktorlaryň we tehnologiýa bilermenleriniň media pudagyny öwrenýän esasy strategik platformasyna öwrüldi.
PDF








