Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik protokol atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň dabaraly açylyşy hem boldy. Şeýle hem bu maslahata gatnaşanlar türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýine aýlanyp gördüler. Muzeýde türkmen diplomatiýasynda yz galdyran şahsyýetler, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyna mynasyp bolanlaryň suratlary, türkmen diplomatiýasyna degişli gyzykly gollanmalar, taryhy fotorsuratlar ýerleşdirilipdir.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine iberen Gutlagyny dabaraly ýagdaýda okady. “Häzirki döwürde diplomatik gullugyň orny we ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ol adamzadyň ösüşinde halkara gatnaşyklary möhüm şerte öwürmäge, şeýlelik bilen, her bir ýurda dünýä ulgamynda mynasyp, deňhukukly orun almaga, halklaryň abadançylygyna, parahatçylyga we ynanyşykly gatnaşyklara ýardam bermäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen diplomatiýasyna hem doly derejede degişlidir. Bu bolsa sizden — türkmen diplomatlaryndan watansöýüjiligi hem-de Watanymyza wepadarlygy, ýokary hünär ussatlygyny, bilimi we aň-düşünjeliligi, Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda aýgytlylygy talap edýär. Siziň öz öňüňizde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirjekdigiňize we geljekde diplomatik işgär diýen belent ady abraý bilen göterjekdigiňize, halkara giňişlikde döwletimize mynasyp, başarnykly wekilçilik etjekdigiňize berk ynanýaryn” diýlip Gutlagda aýratyn bellenilýär.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Ilçi Jon S. MakGregor, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler.
Maslahatda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň sebit hem-de halkara derejesinde dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtadylar.