18-nji fewralda ýurdumyzyň milli baýramçylyk senenamasynda 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda döredilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Düýn bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu işgärleri «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy:
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazow,
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramow,
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadow,
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýew,
Soltan Pirmuhammedow (merhum).