Kino sungatynyň iň abraýly baýragy Oskar bilen baglanyşykly täzelik bolup, akademiýa özüniň agzalaryndan bir zat talap edýär. Mundan soň agzalar ses berenlerinde, şol filme tomaşa edendiklerini bir resminama bilen subut etmeli bolarlar. Başgaça aýdylanda, agzalar tomaşa etmedik filmleri üçin ses berip bilmezler. Akademiýa bu barada ozaldanam tagalla edýärdi. Agzalaryna tomaşa etmedik filmleriňiz üçin ses bermäň diýlip, aýdylýardy. Ýöne indi akademiýanyň agzalary şol ekran eserine haçan we nirede tomaşa edilendigini tassyklaýan subutnamalary görkezmeli bolarlar. Akademiýa şeýle etmek bilen Oskar baýraklarynyň ses berlişiginde aç-açanlygy, adalatly çemeleşmegi maksat edinýär.

Galyberse-de, bosgun režissýorlar üçinem ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Olar haýsy ýurda baran bolsalar, şol ýurduň adyndan iň gowy halkara film baýragyna öz kinolaryny dalaşgärlige hödürläp bilerler.