San-Isidroda ýaşaýan dostum Monti Roberts athanaly mülküň hojaýyny. Bir gün ol meni öýüne myhmançylyga çagyrdy. Ol meni dostlary bilen tanyşdyrandan soň, başyndan geçirenleri barada gürrüň berdi.
Gürrüň bu ýerde maşgalasy oňşuk üçin hemişe ondan-oňa göçüp-gonup ýören ýaş ýigit barada barýar. Bu ýagdaý onuň mekdepdäki okuwynyň arasyny üzmäge sebäp bolýar. Ol ýokary synpa baranda, mugallym okuwçylara mekdebi gutaranlaryndan soň kim bolmagy arzuw edýändikleri barada düzme ýazmagy tabşyrýar.
Monti şol gije rançonyň, ýagny uly athanaly mülküň hojaýyny bolmagy arzuw edýändigi barada uzyn düzme ýazýar. Ol düzmesinde geljekki arzuwy barada jikme-jik gürrüň berip, hatda atýataklaryň, türgenleşik geçilýän aýlawyň ýerleşişini görkezýän uly mülküň meýilnamasyny düzýär. Soňra ýetginjek özüniň ýaşamak isleýän uly jaýynyň hem jikme-jik meýilnamasyny düzýär.
Ertesi gün ýetginjek düzmesini mugallymyna eltip berýär. Mugallym iki günden soň onuň düzmesini yzyna gaýtaryp, onuň soňuna kanagatlanarsyz baha goýýar. Ýetginjek sapakdan soň galyp, mugallymdan, özüne pes baha goýmagynyň sebäbini soranda ol şeýle jogap berýär:
– Seniň athanaly mülk baradaky arzuwlaryň boljak zat däl ahyryn. Ony gurmak, atlary satyn almak ummasyz köp pul talap edýär. Siziň maşgalaňyz bolsa, belli bir mekany bolman, hemişe ondan oňa göçüp-gonup ýörenler dälmi näme? Sen düzmäňde bu zatlar üçin ilki ýer satyn aljakdygyň barada hem ýazypsyň. Sende ýeterlik serişdäniň ýoklugy sebäpli bu boş arzuwlaryňy amala aşyryp bilmersiň. Eger-de sen täzeden düzme ýazyp, haýsydyr bir oňaryp biläýjek işleriň hakda mesele gozgasaň, onda kanagatlandyraýjak bahany goýaýmagym hem mümkin.
Ýetginjek lapykeç halda öýlerine gelip, mugallymyň aýdanlary barada uzak wagtlap pikir edýär. Ol kakasyndan näme etse gowy boljakdygy barada soranda, ol şeýle jogap berýär:
– Oglum, sen diňe öz aklyň bilen ýaşamalysyň. Men bu mesele barada diňe seniň özüň belli bir karara gelmeli diýip pikir edýärin.
Aradan bir hepde geçensoň ýetginjek düzmäniň ýekeje harpynam üýtgetmän, ony mugallymyna eltip berýär. «Goý, men kanagatlanarsyz baha alaýyn, ýöne men arzuwyma ikilik edip biljek däl» diýip, ol öz ýanyndan pikir ýöredýär.
Soňra Monti oturanlara bakyp, şeýle diýdi:
– Ine, görşüňiz ýaly, häzir siz şol meniň ýetginjeklik ýyllarym arzuw eden athanaly mülkümde otyrsyňyz. Meniň arzuwlarym baradaky mekdepde ýazan şol düzmämi bolsa, daşyny çarçuwalap, diwardan asyp goýdum. Ýöne bu wakanyň dowamy hem bar. Iki ýyl mundan ozal şol mekdep mugallymy okuwçylary bilen meniň athanaly mülküme gelip, myhmançylykda bolup gitdiler. Ol yzyna gaýtjak wagty maňa şeýle diýdi:
– Men käwagtlar özümi şol döwürde seniň arzuwlaryňa badak uran ýaly duýýaryn. Ýöne her niçikde bolsa sen berlen baha boýun synman, işjanly ýigit bolup ýetişdiň. Sen öz arzuwlaryňa böwet bolmagyma ýol bermediň. Öz böwrüňi diňle! Bu durmuşyňda iň möhüm zatdyr.
Rus dilinden terjime eden Dursun MERETGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 13-nji orta mekdebiň okuwçysy.