ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, Günorta Karolina ştatynda geçirilen pikir soralyşyklarda ABŞ-nyň BMG-däki öňki wekili Nikki Heýliden 23% bal bilen öňde barýar. Bu pikir soralyşyk 24-nji fewralda Günorta Karolina ştatynda guraljak respublikan partiýanyň praýmerizlerine bir hepde galanda geçirildi. Muňa “The Hill” gazetiniň we Emerson kollejiniň (Massaçusets) seljeriş gullugynyň geçiren barlaglary güwä geçýär.
Barlaglaryň netijesine görä, öňki Prezident Donald Tramp respublikan praýmerizleriniň öňdebaryjy saýlawçylarynyň arasynda 58% goldaw aldy, Heýli bolsa 35% ses aldy. Pikir soralyşyk 14-16-njy fewral aralygynda Günorta Karolinanyň Respublikan partiýasynyň agzalaryndan ybarat bolan saýlawçylaryň arasynda geçirildi.
ABŞ-da Prezident saýlawlary şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriler. 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jozef Baýden ýokary hökümet wezipesine gaýtadan saýlanjakdygyny mälim etdi. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Donald Tramp saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýalara gatnaşjakdygyny mälim etdi. Ol respublikanlar tarapyndan prezidentlige dalaşgär görkezmek ugrundaky bäsdeşlikde iň öňdebaryjy dalaşgär hasaplanyp, Heýli onuň esasy bäsdeşidir. Nikki Heýbli saýlaw bäsdeşliginden gitmek niýetiniň ýokdugyny telim sapar nygtady.