Köpler reňkli egin-eşikleri geýmegi halaýan hem bolsa, käbir adam geýim-gejimlerden ak reňklisini saýlaýar. Käbir adam howanyň yssy günleri ak egin-eşikleri geýmegi kem görmeýär. Çalt kirleýändigi, hapa ýokdurýandygy sebäpli ak eşikler geýlende käbir meseleler hem ýüze çykýar. Mysal üçin, naharlanyp oturan wagtyňyz ýagyň ýa-da şiräniň dammagy, daşarda oýnap ýören çagaňyzyň ylgap gelip sizi gujaklamagy bilen gara tegmilleriň peýda bolmagy, çaýyň ýa-da kofeniň dökülmegi… Şeýle ýagdaýlarda ak eşigiňizde peýda bolan tegmillerdir yzlary aňsatlyk bilen aýryp, ak lybasyňyzy edil täze ýaly edip bolýar. Geliň, ak egin-eşiklerdäki hapalary aýyrmagyň käbir usullaryny öwreneliň!
Ýag tegmillerini nädip aýyrmaly?
Geň galmaly zatlaryň biri, ak egin-eşiklerdäki ýag yzlaryny hek bilen aýryp bolýar. Eşigiň ýag daman ýerine hek sürtmeli, soňra ýumşak çotga bilen süpürmeli. Muny 2-3 gezek gaýtalanyňdan soň, eşigi ýuwsaň hem bolýar. Gabardyjy toz hem ýagyň yzyny aýyrmakda oňaýly serişdeleriň biridir. 2-3 çaý çemçesi gabardyjy tozy eşigiň ýag degen ýerine sepip, 10 minut töweregi goýmaly. Soňra ýumşak çotga bilen çotgalamaly. Eger ýagyň yzy çalarak aýrylan bolsa, onda ak eginbaşa ýene-de gabardyjy toz sepip, ýaňky yzygiderliligi ýerine ýetirmeli. Gap-gaç ýuwujy serişde hem eşige ýokan nahar ýagynyň yzyny aýyrmakda peýdalydyr. Birnäçe damja suwuk sabyny eşigiň ýag daman ýerine sürtüp, gyzgyn suwda ýuwmak hem ak lybasdaky tegmili aýyrmakda amatly usullaryň biridir.
Gyzyl tegmilleri nädip aýyrmaly?
Pomidor ýa-da miwe şiresiniň ak egin-eşige düşen yzyny aýyrmak hem onçakly kyn däl. Bu ýagdaýda, ilki bilen ak lybasyň gyzyl tegmilli ýerini ýuwmaly. Soňra bir-iki çümmük duz sepip, 5 minut goýmaly. Soňra «duzlanan» ak köýnegiň tegmilli ýerini sowuk suw bilen mazaly ýuwmaly-da, guraýança garaşmaly. Eger-de çalaja gyzgylt öwüsýän bolsa, ýene-de duz sepip ýaňky yzygiderliligi ýerine ýetirmeli. Gyzyl şiräniň ak köýnege ýokan ýeri kiçiräk nokat görnüşinde bolsa, kir ýuwujy serişde bilen ýuwmak arkaly hem ýagy aýryp bolar.
Iýmit tegmillerini nädip aýyrmaly?
Iýmit tegmilleriniň köpüsini sowuk suw bilen ýuwmak arkaly aýryp bolýar. Egin-eşigiň hiline, matanyň görnüşine baglylykda käwagt tegmil yzlary aýrylman biler. Ak eşige üwmeç, şokolad ýaly iýmit galyndysy degen bolsa, pürküji gaba 1 bulgur suw we 3-4 damja sirke guýup, tegmilleriň üstüne sepmeli. 20-30 minut geçenden soň, kir ýuwujy serişde bilen mazaly ýuwmaly.
Kofe we çaý tegmillerini nädip aýyrmaly?
Çaýyň ýa-da kofeniň tötänlikde egin-eşige dammagy gündelik durmuşda duş gelinýän ýagdaýlaryň biridir. Şeýle ýagdaýda ak eginbaşy bada-bat çalşyrmaly we tegmiller guramanka akar suwda 5 minut töweregi ýuwmaly. Tegmiller aýrylmasa, suwuk sabyn sürtüp, sowuk suwda ýuwmaly.