Her ýyl 9-njy sent­ýabr­da Hal­ka­ra su­do­ku gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. 2013-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä tap­ma­ça fe­de­ra­si­ýa­sy (WPF) ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan bu se­ne my­na­sy­bet­li 9×9 öý­jük­le­riň içi­ne san ýer­leş­dir­mek bäs­le­şik­le­ri gu­ral­ýar.
Su­do­ku 3×3 ki­çi öý­jü­ge bö­lü­nen, je­mi 81 aý­ry öý­jük­den yba­rat, her se­ti­ri 1-den 9-a çen­li san­lar ýer­leş­di­ril­ýän kyn we gy­zyk­ly tap­ma­ça­dyr. Oý­nuň şer­ti­ne gö­rä, her bir san şol se­tir­de ýa-da 3×3 ki­çi öý­jük­de gaý­ta­lan­ma­ly däl. Tap­ma­ça­da bir san dik­li­gi­ne ýa-da ke­se­li­gi­ne iki ge­zek gaý­ta­lan­sa, ýal­ňyş çöz­dü­giň ýa-da utul­dy­gyň bol­ýar. Su­do­ku­ny aň­sat­laş­dyr­mak üçin kä­bir öý­jük­ler­de san gör­ke­zil­ýär.
Köp­ler hä­zir­ki za­man su­do­ku­ny ýa­pon­laryň döredendigini belleýärler. As­lyn­da, su­do­ku 1979-njy ýyl­da ame­ri­kan tap­ma­ça di­zaý­ne­ri Ho­ward Garns ta­ra­pyn­dan «San or­ny» ady bi­len çap edil­di. Bu güý­men­je 1984-njy ýyl­da «Ni­ko­li Co., Ltd.» ýa­pon ne­şir­ýat kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan çap edi­lip, köp­çü­li­ge hö­dür­le­nenin­den soň has meş­hur­lyk ga­zan­dy. Ýa­pon­lar kross­word di­ýip aýt­mak­da kyn­çy­lyk çek­ýän­dik­le­ri se­bäp­li gy­zyk­ly tap­ma­ça «su­do­ku» di­ýip at ber­ýär­ler. Ýa­pon­ça­da «Su-doe-koo» diý­lip okal­ýan bu söz «san­lar ýe­ke bol­ma­ly» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar.
Ýö­ne­keý­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, uzak wagt­lap pi­kir­len­dir­ýän bu tap­ma­ça sag­lyk üçin peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Her gün mil­li­on­lar­ça ada­myň uly hö­wes bi­len çöz­ýän san­ly tap­ma­ça­sy beý­ni­ni iş­jeň­leş­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, san yzy­gi­der­li­li­gi bi­len bag­ly amal­la­ry öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hü­när­men­ler ün­si gow­şak adam­la­ra su­do­ku çöz­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Lo­gi­ki pi­kir­len­mä­ni ös­dür­mek­de hem su­do­ku­nyň uly peý­da­sy bar. Jem­läp aý­da­nyň­da, öý­jük­le­re san ýer­leş­di­ril­ýän tap­ma­ça beý­ni üçin iň go­wy akyl maş­ky­dyr.