Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ösüşleri biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bu ösüş-özgerişlerde çagalarymyzyň aýdyň ertirini, ýagty geljege bolan ynamly garaýyşlaryny aýdyň görýäris. Şeýle bagtyýar döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan jemgyýetimiziň sagdyn ösüşini esaslandyrýan ýaş nesli terbiýelemekde gadymdan gelýän däp-dessurlara, ýol-ýörelgelere esaslanylýar. Çünki öz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep-kadalary nesil terbiýesine gönükdirilendir. Asyrlarboýy halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri, edep-kadalary türkmeniň milli ruhy dünýäsinden gözbaş alýar.
Ata-babalarymyz tarapyndan nesil terbiýesine, edep-ekramyna uly üns berilmek bilen, nesil dowamatynyň akylly, sagdyn, dogruçyl, asylly, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilipdir. Sebäbi nesil terbiýesi örän çylşyrymly hem-de jogapkärli iş bolup, her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýşyny öz maşgalasynda ene-atasyndan, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinden kemala gelen «edep» sözi köp manyny, ýagny terbiýe, tertip, utanç-haýa, sypaýylyk ýaly çuň manylary özünde jemleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu hem gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Sebäbi döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý hem ýokarydyr.
Garaşsyz döwletimizde halkymyz hakynda edilýän aladalar ösüp gelýän ýaş nesil babatda durmuşa geçirilýän asylly işlerden gözbaş alýar. Şeýle hem bu asylly wezipelerde ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine, perzent terbiýeläp ýetişdirmek babatda gazanylan köpasyrlyk tejribelere daýanylýar.
Mälim bolşy ýaly, çagalaryň hukuklary we goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kanunçylyk taýdan üpjün edilýär. Şeýlelikde, çaganyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi babatda döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Çaganyň bähbitleri babatdaky döwlet syýasaty bolsa olaryň ýaşamagynyň, saglygynyň, sazlaşykly ösüşiniň, eneligiň we atalygyň, at-abraýynyň, jemgyýetiň öňündäki deňliginiň goralmagyna, bilim almagy, dynç almagy, başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, ýaşaýyş derejesiniň gowulandyrylmagy hakynda alada edilmegine, durmuşa uýgunlaşmagyna, çagalaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň azalmagyna, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. Şeýle-de, bu ugurdaky döwlet syýasatynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Bitarap döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda eneligi we çagalygy lukmançylyk taýdan goramak, olaryň aň we fiziki ösüşini üpjün etmek üçin zerur bolan serişdeleri goýbermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, degişli halkara guramalary bilen bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu babatdaky döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde «Ene mähri» merkezleriniň, Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh toplumlarynyň, mekdebe çenli çagalar we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurulmagy, olarda innowasiýanyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy çagalar hakyndaky edilýän aladalaryň anyk mysallarydyr. Şunuň netijesinde berkarar döwletimiziň çagalary öz pikir-garaýşyny, isleg-arzuwlaryny erkin beýan etmek, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmak, tölegsiz esasda umumy orta bilimi almak, medeni gymmatlyklar bilen tanyşmak, zähmet çekmek, miras, eýeçilik we döwlet kömek puluny almak ýaly konstitusion hukuklaryndan peýdalanýarlar.
Pederlerimizden bize watansöýüjilik, maddy, medeni gymmatlyklar, ruhy-ahlak arassalygy, halallyk, gözellik älemine garaýyşlar, dana pähim-paýhaslar asyrlar aşyp gelip ýetipdir. Hut şonuň üçin hem nesillerde ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak, Watan, halk bähbitleri üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek hakyndaky duýgy-düşünjeleri kemala getirmek terbiýeçilik işiniň milli esaslarynyň biri hökmünde dowam etdirilýär. Çünki halkymyz özüniň köpasyrlyk durmuş tejribesinde terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ata-babalarymyz terbiýeçilik işine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny ýörelge edinipdirler.
Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.