Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär, iri möçberli gurluşyk taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyz ýokary depginler bilen özgerýär, has-da kuwwatly ýurda öwrülýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň günsaýyn özgerýändigine göz ýetirmek has-da ýakymly. Döwletimiziň ykdysadyýeti ýokary depginde ösýär, Watanymyz senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär, bazar ykdysadyýetiniň özgertmeleri durmuşa ornaşdyrylýar, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar we raýatlar üçin täze iş orunlary döreýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr» diýip belleýär hem-de ýaşlary belent adamkärçilikli sypatlary bilen döwletimiziň, halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermäge çagyrýar. Munuň özi ýaşlara bildirilýän ynamyň we buýsanjyň özboluşly beýanydyr.
Ýaşlaryň uly üns-alada bilen gurşalmagy, olaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar has-da begendirýär, buýsandyrýar. Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde ýaşlar üçin Arkadag şäheri bina edildi. «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen, halkara ykrarnamalaryna, halkara guramalarynyň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň şahadatnamalarynyň we diplomlarynyň 20-sinden gowragyna mynasyp bolan täze şäherde bu gün bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň birnäçesi hereket edip, olarda ýaşlarymyz döwrebap bilim alýarlar, hünär öwrenýärler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümle bar. Bu çuňňur manyly jümlede ýaşlara bolan ynam, buýsanç äşgär duýulýar. Kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň ýankitabymyza öwrüldi. Häzirki wagtda harby talyplar hökmünde Belent Serkerdebaşymyzyň gymmatly öwüt-ündewlerinden ruhlanyp, Watanymyzyň asudalygy üçin özümiziň kämil bilimimizi has-da berkidýäris.
Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerinden ugur alyp, edermen Watan goragçylary ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir.
Biz hem ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoluna buýsanyp, edermen ýaşlar bolup ýetişmek ugrunda giň tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de döwrebap derejede ösdürilmegine ähli güýjümizi gaýgyrman goşant goşjakdygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýöl-ýörelgesinden ruhlanyp, kalby belent ynamdan hem-de milli buýsançdan doly ýaşlar hökmünde jogapkärli borçlara wepaly boljakdygymyza ynandyrasymyz gelýär.
Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby talyby.