Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyny goramak, berkitmek, aýamak bilen bir hatarda ynsan saglygyna zyýan ýetirip bilýän hadysalaryň öňüni almak, ynsan saglygynyň howpsuzlygyna gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly köpçülikleýin çäredir.
Gün-günden pajarlap ösýän ýurdumyzda ähli ugurlardaky ösüşler, özgertmeler bilen bir hatarda awtoulaglaryň sany gün-günden artýar. Netijede, ýol-ulag hadysalarynyň köpelmek ähtimallygy hem ýokarlanýar. Käte sürüjiniň ýa-da pyýadanyň ýol hereketiniň düzgünini bozmagy sebäpli, duýdansyz ýagdaýda betbagtçylykly ýagdaýlar döräp bilýär. Şeýle ýagdaýda saglygyna zyýan ýetýän adamlara lukmançylyk kömegini bada-bat bermegi başarmaly. Şonuň üçin ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler işlenip taýýarlanýar, ýerlerde, edara-kärhanalarda maşgala agzalaryna degişli, hatda her bir raýatyň aňyna ýeter ýaly derejede habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleri, düşündirişler, gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde hem ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda oňat netijeler gazanylýar.
Ýol-ulag hadysalary zerarly şikes alan adama ilkinji kömek bermegiň dürli usullary bar. Haýal etmän şikes ýetene ýerinde ilkinji lukmançylyk kömegini bermeli. Hassahana barýança ejir çekene lukmançylyk kömegini ýolda, ulagda bermeli. Şeýle-de şikes alana hassahana şertlerinde kömek bermeli.
Aslynda, her bir adam ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Ýolda bolýan nädogry hereketleriň, düzgünleriň, kadalaryň bozulmagy sebäpli, gynansak-da, şikes alýan adamlar duş gelýär. Şeýle ýagdaýda haýal etmän «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolup, şikes ýetene golaýyndaky adamlar ilkinji kömegi bermelidirler. Şonda adamyň howply, agyr ýagdaýa düşmezliginiň, ejir çekeniň ýagdaýynyň erbetleşmeginiň öňi alynýar, çalt sagalmagyna ýardam bolýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrlikleriniň bilelikdäki kabul eden resminamalaryna laýyklykda, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň, sürüjileriň şikes alana hökmany suratda ilkinji kömegi bermegiň ugurlaryny, esaslaryny bilmegi zerurdyr. Ýol-ulag hadysalary sebäpli şikes alanlara ilkinji kömegi bermek üçin her bir awtoulagda ýörite derman we sargy derman gutujygy bolmalydyr.
Eziz ildeşler! Durmuşda her hili ýagdaýda-da saglygymyzy goramak, aýamak örän möhümdir. Ýol-ulag hadysalaryndan ägä bolmak, gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy goramak biziň özümize baglydyr.
Ýoluňyz ak, janyňyz sag bolsun!
Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
PDF








