Türkmenistanda azyk, gündelik harytlar, egin-eşik, gurluşyk materiallary, mebel we beýleki önümleri satýan 300-den gowrak onlaýn dükan hasaba alyndy.
Elektron söwda platformalarynyň sanynyň köpelmegi onlaýn hyzmatlara islegiň ýokarlanmagy, internet tizliginiň ýokarlanmagy we “Türkmentelekom” we “Altyn Asyr” operatorlarynyň hyzmatlary üçin nyrhlaryň yzygiderli arzanlamagy bilen baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýerine ýetirilýär.
Onlaýn dükanlaryň köpüsi, telekeçiler tarapyndan döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet elektron söwda platformalary hem üstünlikli işleýär. Online dükanlar aglabasy tutuş ýurt boýunça sarp edijileriň isleglerine çalt jogap berýärler.
Çeşme: tca.gov.tm