Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

– GDA agza döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy Minsk şäherinde geçiriler we şol duşuşykda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyna serediler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň soňky mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilipdi. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirilipdi.

Çeşme: tyy-news.gov.tm