1-nji martdan başlap Özbegistanyň paýtagty Daşkentde gatnawyň kän sagatlarynda (часы пик) 10 tonna çenli ýükleri daşamak üçin niýetlenen N2, N3 we О4 derejedäki ulag serişdeleriniň hereketi gadagan ediler. Bu çözgüt Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 21-nji fewraldaky «Özbegistan-2030» strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan kararyna esaslanýar.
Bu çäklendirme jemgyýetçilik hyzmatlaryny, abadanlaşdyryş işlerini we beýleki ýörite hyzmatlary amala aşyrýan döwlet ýük ulaglaryna degişli däldir.
Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi, Gurluşyk we jemgyýetçilik hyzmatlary ministrligi, Içeri işler ministrligi we Ulag ministrligi bu çäklendirmäniň doly hem berk berjaý edilmegini gazanmak boýunça jogapkär edaralar hasaplanýar.
Ýük ulaglarynyň derejeleri:
N2 dereje — iň ýokary agramy 3,5 tonna çenli bolup, ýük göterijiligi 12 tonnadan geçmeýän ulaglar;
N3 dereje — iň ýokary agramy 12 tonnadan geçýän harytlary daşamak üçin niýetlenen ulaglar;
O4 dereje — tirkegler, iň ýokary agramy 10 tonnadan geçýän ulaglar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm