Hormatly Prezidentimiz 5-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, ýolbaşçylary wezipelere bellemek hem-de wezipeden boşatmak meselelerine garaldy, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi. Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň hasabatlaryny diňledi. Hasabat döwründe esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 122,3 göterim, çykdajylar bolsa 91 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 79,6 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi. Ýerli býujetiň girdejiler bölegi 9,5 milliard manat, çykdajylar bölegi bolsa, 8,7 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, hasabat döwründe pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli artýar.
2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 9 aýynda tebigy gazyň çykarylyşynyň artyş depgini 7,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji demir önümleriniň öndürilişinde 5,1 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişinde 4,8 göterime, nah matalaryň öndürilişinde 10,2 göterime, eýlenen deri babatda 6,3 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 9,4 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi 2 million 734,2 müň tonna ýetip, geçen ýylyň 9 aýynyň derejesinde boldy. Şonuň ýaly-da, azyk senagatynyň möhüm pudaklary boýunça durnukly ösüş gazanylýar. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 12 göterim, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 4,6 göterim, demir ýol ulaglary boýunça 2,6 göterim ösüş gazanyldy. 9 aýda jemi ýolagçy dolanyşygy 3,9 göterim, şol sanda awtomobil ulagy 3,5 göterim, howa ulagy 10,7 göterim artdy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberleri ýokarlandy.
Eksport görkezijiler boýunça hem habar berildi. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda eksportuň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä 7,9 göterim köpeldi.
Şeýle hem hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 39,4 milliard manat bolup, onuň 48 göterimi önümçilik, 52 göterimi bolsa, durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde, 1 milliard 410,1 million manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 9 aýyň dowamynda bahasy 639,3 million manada barabar senagat önümleri öndürildi we olaryň möçberleri 36,3 göterim artdy. Oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 4 milliard 640,1 million manada barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň mukdary 8 milliard 708,9 million manada deň bolup, ol 7,5 göterim ýokarlandy. Hyzmatlar ulgamynda 748 million manatlyk iş ýerine ýetirildi we onuň ösüşi 12,8 göterim derejesinde boldy.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Tutuş ýurdumyz boýunça 607 müň gektardan gowrak meýdana güýzlük bugdaý ekildi, 751 müň tonna golaý pagta hasyly ýygnaldy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýurdumyzyň 9 aýyň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine toplumlaýyn baha berildi.
Şu döwrüň dowamynda biz umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 216 sany iri desgany işe girizdik. Şeýle hem, 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan öýleri, myhmanhanalary we dynç alyş toplumlaryny ulanmaga berdik. Aşgabatda uniwersitetleriň binalar toplumlaryny, ençeme lukmançylyk merkezlerini, umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki köp sanly desgalary gurduk diýip, milli Liderimiz nygtady.
Amala aşyrylýan tutanýerli şu işleriň netijesinde, ykdysadyýetimizi dürli görnüşli daşarky töwekgelçiliklere has durnukly edýän düýpli üýtgetmeler bolup geçdi. Bu işler dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýete edýän täsirini azaldýar.
Bu bolsa, bize jemi içerki önümiň ösüşini ýokary depginde, ýagny 6,4 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berdi. Senagat önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga, manadyň durnukly bolmagyny saklamaga ýardam etdi. Içerki bazarda harytlar we hyzmatlar üçin nyrhlary pes derejede saklamaga, şeýle hem durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini köpeltmäge şert döretdi.
Elbetde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary şu ýylyň halkara we sport ähmiýetli örän möhüm wakasy boldy. Umuman, mälim bolşy ýaly, sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşlara dünýäniň 65 döwletinden türgenler gatnaşdylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadançylygy we eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.