Ruhy taýdan nähili ýagdaýda bolsagam, aýdym we saz hemişe bize ýakyn. Saz adama şeýle bir täsir edýär welin, gynanan pursadymyz begendirip, şatlykly wagtymyz gam-gussa batyryp bilýär. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, halaýan aýdym-sazyňy diňlemek beýnidäki «oňyn energiýany we duýgulary» ýüze çykarýar. Şol wagt adamyň şähdi açylyp, işjeňligi artýar. Gaýgy-aladalary ýatdan çykyp, özüni rahat duýýar. Gadym döwürlerde saz diňlemek arkaly keselleri bejermek usulynyň ulanylandygy barada hem eşiden bolsaňyz gerek. Boş wagtyňyz özüňiziň halaýan sazlaryňyzy ýa-da aýdymlaryňyzy bir ýere jemläp, albom dörediň! Gaýgylanan ýa gaharlanan mahalyňyz ýa-da ýadaw halatyňyz ümsümlik ýere geçip, şol sazlary diňläň!
Sazyň adama täsirini şeýleräk beýan edip bolar:
Aňy köşeşdirýär.
Ýüregi giňeldýär.
Agyryny ýeňilleşdirýär.
Gahary peseldýär we köşeşdirýär.
Immuniteti güýçlendirýär.
Işdäňi açýar.
Gowy zatlar hakynda pikir etmäge mümkinçilik berýär.
Ünsüňi bir ýere jemleýär.
Ýatkeşligi güýçlendirýär.
Diňe saz ýa-da aýdym diňlemek bilen çäklenmän, eýsem, saza goşulyp aýdyma hiňlenmegiň ýa-da başardygyňdan höwes edýän saz guralyňy çalmagyň hem saglyk üçin köp peýdasy bar. Edil maşk edilendäki ýaly, aýdyma hiňlenilende ýa-da saz çalnanda endorfin gormonlary bölünip çykýar. Bedendäki agyrylary aýyryjy bu gormon özüňi rahat we bagtly duýmaga kömek edýär. Şeýle hem özüňi ele almaga ýardam edip, stresi we ýalňyzlyk duýgusyny peseldýär.
Bilermenler ata-enelere çagalarynyň kiçilikden saz çalmagy öwrenmegini höweslendirmegi maslahat berýärler. Aýdym-saz çaganyň zehinini açyp, özüne bolan ynamy güýçlendirýär. Saz çalýan çagalar özüni başarjaň alyp baryp, okuw derslerinde üstünlik gazanýarlar. Saz çalmak matematiki hasaplamalar ýaly ýady güýçlendirip, çagalaryň gözellikleri duýmak ukybyny ösdürýär.